Saıt hem özüm hakda

Begmyrat.jpg

Salam hormatly ildeºler!

 Bu meniñ ºahsy saıtym bolup, onda birinji nobatda öz ıazan kitaplarymdyr ylmy hem siıasi makalalarymy ıerleºdirıärin. Onuñ daºyndan-da dürli çeºmelerden mähriban milletime, ylaıta-da ıaº nesillerimize peıdaly kitapdyr ylmy hem siıasi makalalary tapyp ıerleºdirmegi maksad edindim.

       Hormatly okyjylaryñ tankydy pikirlerini minnetdarlyk bilen kabul edip olardan ıalñyºlarymy düzetmek weıa ıazan zatlarymyñ üstüni ıetirmek üçin peıdalanaryn. Eger-de isleºeler belli meseleler hakynda geñeºip pikir alyp-beriºmäge ıa-da belli meseleler hakynda soraglary bar bolsa elimden gelen kömegi etmäge taıynlygymy-da yglan edıärin.

ªu saıty ıola salmak mümkinçiligini maña üpjün edip beren hormatly injiner dostum Färzad Merjaniıe tüıs ıürekden minnetdarlyk bildirmegi özüme borç hasap edıärin.

 
Özüm hakda:

Men 1943-nji ıylda Türkmensähranyñ merkezi bolan Kümmetgwuzda bir garyb maºgalada dünıä indim. Atam Begmyrat Stalynyñ gyrgynçylyk salan ıyllarynda ıanalyp baºlanıar. Ol 1932-nji ıylda üç sany ıoldaºy bilen bilelikde bir ıaragly çaknaºykda zalym hökümetiñ ıaragly güıçleriniñ tarapyndan ñehid edilıärler. ªondan soñ, täze durmuº guran ejem-kakam birnäçe garyndañlary bilen bilelikde Türkmenistanyñ Ŷasman-Salyk obasyndan Eırana bosgun edıärler. Olar birnäçe wagt Horasanyç Maºat hem Bujnurt ºäherlerinde sergezzançylyk çekip iñ soñy Türkmensärañ Kümmetgowuz ºäherinde ıerleºıärler.

Baºlangyç we orta mekdebi  Kümmetgowuz ºäherinde okadym. Gürgen ºäherinde iki ıyllyk mugallymçylyk okuwy gutaryp baºlangyç mekepde mugallym bolup iºe baºladym. Birnäçe ıyldan soñ Tährana göçüp mugallymçylygyñ ıany bilen Tähran uniwersitesiniñ söwda bölümini tamamladym.

Talypçylyk döwrümde 1972-73 aralygynda, 1962-nji ıylda birnäçe deñ-duºlarymyz bilen Türkmensährada baºlan milli-siıasi hereketimiz bilen baglylykda, hökümet tarapyndan toparlaıyn tutulyp bir ıyl türmede geçirdim we üç ıyl hem iºimden çykaryldym. 1975-nji ıylda Uniwersiteti tamamlanymdan soñ bolsa diñe magaryf edaralarynda iºlemäge ursgat berildi we Kümmetgowuzyñ magaryf edarasynda diñe orta okuwy gutaran bir bölüm baºlygynyñ gol astynda iºe baºladym.

1976-77nji ıyllarda Yslami agdarylyºygyñ (rewloıusıanyñ) güjemeginiñ netijesinde Pälewi ªah rejiminiñ çagºan ºertlerinde, ıene-de orta okuwlarda mugallymçylyk iºime baºlamak mümkin boldy. ªahyñ rejimine garºy barha güıjeıän hereketde ähli halk bilen bir hatarda talyplardyr orta okuwçylar hem mugallymlaryñda roly ulydy. Eıranyñ ähli ºäherlerinde talyplardyr orta okuwçylar dowamly köçelere çykyp ıöriºler ederdiler. Kümmet ºäherinde-de bu hereketi düzgün-tertip bilen alyp barmak maksady bilen ähli mugallymlar ıygnanyp 5 sany ıolbaºçy saıladylar, men hem ºolaryñ biridim. Biz „Kümmediñ mugallymlar jemgiııeti“ diıen at bilen ªah rejimine garºy bolan bu herekete bildiriºler arkaly ıolbaºçylyk etdik.

ªah rejiminiñ dargap yslamy güıçleriñ hökümet baºyna geçmegi bilen, biziñ jemgiııetimiz-de radikal yslamçylaryñ tarapyndan güıçden düºürilip dargadyldy. Biz onuñ ıerine „Türkmensära Mugallymlar Ojagy“ ady bilen täze gurama döretdik. Soñ   halkymyzyñ „Okuw gerek Hat gerek, Türkmençe mektep gerek!- Elden giden ıerleri gaıtarıp almak gerek!“ çagyryº (ºygar) bilen has güçli hereketi baºlandy. ªol hereketiñ dowamynda bolsa „Türkmen Halkynyñ Medeni-siıasi Ojagy“nyñ Kümmet ºäheriniñ umumy kitaphanasynyñ ıerinde düıbi tutuldy. Bu medeni-siıasy guramanyñ iºlerini alyp barmagy Merhum Dr. Ahengeri, men we baºga-da birnäçe kömekçi ıaºlara tabºyryldy. Bu guramanyñ „ilgüıji“ adynda neºrisi bardy. Onuñ daºyndan-da Türkmensähranyñ dürli ºäherleirnde medeni-siıasy ıygnaklar, goºgy okalºyklar we sergiler geçirıärdi. Bu gurama az wagtyñ içinde türkmen halkynyñ umumy goldawyny gazanmak arkaly halkymyzyñ milli isleglerini beıan edıän merkezine öwrildi. Gynansakda bu milli guramanyñ ömri-de uzaga çekmedi, belli sebäplere görä dartgynlylygyñ barha artmagy hem-de halkymyñ islemedigi we onlarça adamymyzyñ ölümine sebäp bolan ıaragly çaknaºyklaryñ ıüze çykmagy netijesinde ahli medeni we milli-siıasy hereketler basyp ıatyryldy we bu milli merkeziñ-de iºine hökümet tarapynda soñ berildi.

1980-njy ıylda ıüz beren ikinji çaknyºykdan soñ men hem köp sanly bu milli-siıasi hereketlere gatnaºan ildeºlerim ıaly, Türkmensährany terk etmäge mejbur boldum. Homeıniniñ günä geçiº yglam etmeginiñ yzyndan bizi Gum ºäherine sürgün etdiler. Takminan iki ıyl sürgünde ıaºadyk. Emma ıene-de siıasi ıagdaıyñ dartgynlaºmagy netijesinde daºary ıurtlara bosgun etmäge mejbur boldyk.

Men bosgunçylyk ıyllarda-da öz milli-medeni iºlerimi dowam etdirdim. Aºgabadyñ Magtymguly adyndaky uniwersitesiniñ dil we edebiıat bölüminde üç ıyl gaıybana okadym. Ençeme ylmy-siıasi makalalardan baºga-da Türkmenistanyñ we Türkmen milletiniñ gadymy taryhy hakynda iki sany kitap ıazdym. Bu saıty açmagymyñ esasy sebäbi-de ºol kitaplardyr makalalary hem-de az-owlak goºgularymy halkyma hödürlemek we hormatly okyjylaryñ maslahatlary bilen tanyº bolup olardan öz iºlerimde peıdalanmakdyr. 

Begmyrat Gereı

15.12.2013

 

 


DISCLAIMER

The documents presented are opinions and ideas of their writers. The reader should accept and understand that no warranty is expressed or implied, (by the owner of this webpage) on the accuracy or the reliability of the documents.


 

Begmyrat Gereı

dangatar@web.de